26-njy mart: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

2 sagat öň

1828-nji ýyl. Frans Şubertiň ilkinji we ýeke-täk awtorlyk konserti geçirildi. Bu onuň dostlary tarapyndan guraldy.

 1845-nji ýyl. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda lukmançylyk plastyry patentlendi.

1872-nji ýyl. Russiýada poçta ýollamagyň «poçta karty» görnüşi üçin ilkinji kartlar çykaryldy.

1934-nji ýyl. Britaniýada awtoulag dolandyrmaga rugsat berýän şahadatnama üçin synaglar alnyp başlandy.

1960-njy ýyl. Täze futbol ýaryşy — Ýewropa ýurtlarynyň kubok eýeleriniň Kubogy, ýagny häzirki UEFA Ýewropa ligasy döredildi.

1973-nji ýyl. Amerikan programmisti, «Google» gözleg ulgamynyň esaslandyryjylarynyň biri Larri Peýj dünýä indi.

1982-nji ýyl. Meşhur ispan futbolçysy we tälimçisi Mikel Arteta doguldy.

2000-nji ýyl. 47 ýaşly Wladimir Putin ilkinji gezek Russiýanyň Prezidenti wezipesine saýlandy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info