1472-nji ýyl. Siena Respublikasynyň häkimiýeti tarapyndan dünýäniň şu güne çenli hereket edýän iň gadymy banky bolan «Monte dei Paschi di Siena» esaslandyryldy.
1693-nji ýyl. Angliýada dünýäniň zenanlar üçin niýetlenen ilkinji žurnaly neşir edildi.
1825-nji ýyl. Puşkiniň «Ýewgeniý Onegin» eseriniň birinji bölümi çap edildi.
1897-nji ýyl. Şekerini ornuny tutýan emeli süýjediji — saharin sintezlendi.
1900-nji ýyl. Germaniýada «Bawariýa Mýunhen» futbol kluby esaslandyryldy.
1902-nji ýyl. Kaliforniýada meşhur amerikan ýazyjysy Jon Ernst Steýnbek dünýä inýär. Jon Steýnbek 1962-nji ýylda edebiýatda bitiren hyzmatlary üçin Nobel baýragyna mynasyp bolýar.
1932-nji ýyl. Iňlis fizigi Jeýms Çedwik neýtrony — elektrik zarýady bolmadyk agyr elementar bölejigi açdy. Neýtronlar we protonlar atom ýadrolarynyň iki sany esasy düzüm bölegidir.
Her ýylyň 27-nji fewralynda «Polar Bears International» guramasynyň başlangyjy bilen dünýäde Ak aýylaryň halkara güni bellenilýär. Şol gün haýwanat baglary we ýabany tebigaty goramak merkezleri howanyň ählumumy (global) maýlamagy sebäpli ak aýylara abanýan howp barada giňişleýin maglumat berýärler. Arktikanyň buzluklarynyň eremegini togtatmak maksady bilen, adamlary parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga çagyrýarlar.