27-nji mart: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

4 sagat öň

1841-nji ýyl. Nýu-Ýorkda ilkinji atly sürülýän bugly ýangyn söndüriş ulagy synag edildi.

1854-nji ýyl. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Abraham Gessner tarapyndan kerosin üçin patent alyndy.

1860-njy ýyl. Nýu-Ýork şäheriniň ýaşaýjysy M.L.Birn ştoper üçin patenti aldy. Ol çüýşe önümleriniň dyky görnüşindäki gapaklaryny açmak üçin niýetlenen buraw görnüşindäki çişli enjamdyr.

1878-nji ýyl. Rus daýhany F.Blinow öz oýlap tapan «soňy bolmadyk relsli wagonyna» — zynjyrly traktoryna patent almak boýunça arzasyny tabşyrdy.

1968-nji ýyl. Dünýäniň ilkinji kosmonawty, Sowet Soýuzynyň Gahrymany Ýuriý Gagarin uçar heläkçiliginde aradan çykdy.

1986-njy ýyl. Nemes futbolçysy, meşhur derwezeçi,  2014-nji ýylyň dünýä çempiony Manuel Noýer dünýä indi.

1987-nji ýyl. Rus aýdymçysy, belli aýdym-sazlaryň birnäçesiniň awtory we kompozitory, aktrisa hem-de fotomodel Polina Gagarina doguldy.

1990-njy ýyl. Londonyň Beker köçesiniň 221-nji jaýynda Şerlok Holmsyň muzeýi açyldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info