1703-nji ýyl. Petr I Petropawlowsk galasynyň düýbüni tutmak bilen Sankt-Peterburg şäherini esaslandyrdy.
1851-nji ýyl. Londonda dünýäde ilkinji halkara küşt ýaryşy başlandy.
1895-nji ýyl. Iňlis oýlap tapyjysy Birt Akres kinoproýektory patentledi.
1926-njy ýyl. Gannibal şäherçesinde (Missuri ştaty) Geklberri Finne we Tom Soýere bagyşlanan ýadygärlik dikildi.
1930-njy ýyl. Riçard Drýu «dury sellofan görnüşindäki ýelmeşýän lentany» — skotçy patentledi. Bu önüm ilkibaşda awtoulaglar boýalan wagtynda onuň aýnalaryny goramak üçin ulanylypdyr.
1971-nji ýyl. Moskwa şäheriniň W.I.Lenin adyndaky Merkezi stadionynda 103 müň tomaşaçynyň gatnaşmagynda meşhur derwezeçi Lew Ýaşiniň hoşlaşyk oýny geçirildi.