1066-njy ýyl. Londonda Westminister abbatlygy açyldy.
1854-nji ýyl. Riponda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Respublikan partiýasy esaslandyryldy.
1904-nji ýyl. «Benfika» futbol kluby esaslandyryldy. Döredilen wagty ol «Sport Lisboa» diýlip atlandyrylýardy.
1935-nji ýyl. Amerikan himigi Uolles Karozers ilkinji gezek neýlony — himiki usul bilen alynýan sintetik polimeri sintezledi.
1940-njy ýyl. Sowet synagçy-uçarmany W.P.Fýodorow suwuklykly reaktiw dwigatelli ganatly uçar tehnikasy bolan raketoplanerde dünýäde ilkinji uçuşy amala aşyrdy.
1956-njy ýyl. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda kompýuterler üçin niýetlenen tor kabeli patentleşdirildi.
1957-nji ýyl. Helsinkide pökgi bilen oýnalýan hokkeý boýunça ilkinji dünýä çempionaty başlandy. SSSR-iň ýygyndy topary bu görnüş boýunça birinji çempion hökmünde taryha girdi.
1981-nji ýyl. Meşhur rus artisti, «Comedy Club» taslamasyny esaslandyryjylaryň biri Garik Harlamow doguldy.