28-nji iýul: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

10 sagat öň

28-nji iýul: Gyzykly maglumatlar

1586-njy ýyl. Ser Tomas ilkinji gezek ýeralmany (kartofeli) Herriot Beýik Britaniýa we Irlandiýa getirdi.

1851-nji ýyl. Dünýäde ilkinji gezek doly Gün tutulmasy surata düşürildi.

1858-nji ýyl. Barmak yzlary ilkinji gezek şahsyýeti anyklamak (identifikasiýa) üçin ulanyldy.

1858-nji ýyl. Kartalary taýýarlamak üçin aerofotosuratlary ulanmak baradaky ideýasyny 1855-nji ýylda patentleşdiren fransuz fotosuratçysy we karikaturaçysy Feliks Nadar aerostatda ýokary galyp, dünýäde ilkinji aerofotosuraty düşürme işini amala aşyrdy.

1862-nji ýyl. ABŞ-nyň Montana ştatynda altyn tapyldy, bu bolsa «altyn gyzdyrmasynyň» başlanmagyna sebäp boldy.

1951-nji ýyl. Uolt Disneýiň «Alisa täsinlikler dünýäsinde» atly multfilminiň ilkinji görkezilişi boldy.

1995-nji ýyl. Hindistanyň häkimiýetleri Bombeý şäheriniň adyny Mumbaý diýlip üýtgetmek barada karar kabul etdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info