1712-nji ýyl. Fransuz ýazyjysy we filosofy Žan-Žak Russo dünýä indi.
1816-njy ýyl. Sankt-Peterburgda ilkinji biržanyň dabaraly açylyşy boldy.
1919-njy ýyl. Birinji jahan urşuny tamamlanandygyny yglan edýän Wersal şertnamasyna gol çekildi.
1919-njy ýyl. Milletler Ligasy döredildi.
1946-njy ýyl. Gorkiý awtomobil zawodynyň konweýerinden bäş orunlyk «GAZ-M-20» «Pobeda» ýeňil awtomobilleriniň ilkinji tapgyry çykdy.
1971-nji ýyl. Zehinli inžener, milliarder, «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Mask dünýä indi. Çeşmelerde häzir onuň baýlygynyň trillion amerikan dollaryna golaýlaýandygy tassyklanylýar.
1997-nji ýyl. Professional boksuň taryhynda iň täsin wakalaryň biri bellige alyndy. Üçünji raundyň tamamlanmagyna 30 sekunt galanda boks boýunça dünýäniň öňki çempiony Maýk Taýson, çempionlyk adyny goraýan Ewander Holifildiň ýüzüne kellesi bilen urmagyndan nägile bolup, onuň gulagyny dişledi we bir bölegini gopardy. Tutluşyk saklandy, emma referi Leýn Taýsona duýduryş bereninden soň, ýaryşy dowam etmäge rugsat berdi. Şondan soňra çempionyň gulagynyň ýene bir bölegi Taýsonyň dişleriniň arasynda galdy. Duşuşyk bes edildi, Taýson bolsa ýaryşlardan çetleşdirildi.
