1813-nji ýyl. Jeýn Ostiniň «Tekepbirlik we göwnüýetmezçilik» («Pride and Prejudice») romany neşir edildi.
1900-nji ýyl. Germaniýanyň futbol birleşigi (DFB) esaslandyryldy, 1904-nji ýylda bolsa bu birleşik FIFA-nyň agzalygyna kabul edildi.
1903-nji ýyl. Ukrainanyň Kirowograd şäherinde ýaşaýan lukman maşgalasynda beýik kompozitor Ýuliý Sergeýewiç Meýtus dünýä indi. Onuň ady Türkmenistanyň kompozitorçylyk mekdebiniň taryhy bilen berk baglanyşykly. Meýtusyň döreden eserleriniň arasynda «Ýaş Gwardiýa», «Doganlar Ulýanowlar», «Abadan», «Leýli-Mejnun», «Anna Karenina», «Ýaroslaw Mudryý», «Rihard Zorge» ýaly operalar bar.
1916-njy ýyl. Portugaliýanyň Beira Alta welaýatynyň Melo şäherçesinde portugal edebiýatynyň nusgawy ýazyjysy Weržilio Ferreýra doguldy.
1958-nji ýyl. Sagat 13:58-de «LEGO Group» kompaniýasy bloklaryň (kerpiçjikleriň) «çiş we turbajyk» (stud-and-tube) diýlip atlandyrylýan özboluşly birleşdiriş ulgamyna esaslanýan döwrebap dizaýny (lego oýnawaçlary) üçin patent arzasyny tabşyrdy.
1978-nji ýyl. Italiýaly tanymal derwezeçi, futbol boýunça dünýäniň çempiony Janluiji Buffon doguldy.
1996-njy ýyl. Görnükli rus we amerikan şahyry, esseçi, dramaturg hem-de edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi Iosif Aleksandrowiç Brodskiý aradan çykdy.
2003-nji ýyl. Beýik Britaniýada ösümlik ýaglaryndan öndürilýän we ekologik taýdan arassa hasaplanýan «biodizeliň» satuwy başlandy. Bu ýangyç halk arasynda «maýonezden alnan ýangyç» diýlip atlandyryldy.