Türkmen türgenleri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň III oýunlaryna gatnaşarlar

MilliInfo

28 Awgust, 2025

Öňde boljak möhüm sport baýramçylygyna — GDA ýurtlarynyň III oýunlaryna azerbaýjan türgenlerinden başga-da, birnäçe ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň wekilleriniň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Häzirki wagtda wekiliýetleri bellige almak işi dowam edýär.

Soňky maglumatlara görä, sportuň 23 görnüşi boýunça ýaýbaňlandyryljak ýaryşlara gatnaşmak üçin 8 ýurtdan bolan türgenleriň 1840-sy bellige alyndy. Umumy  hasaba alnan gatnaşyjylaryň sany 2666 adama ýetýär.  

Başlangyç tapgyrda diňe GDA ýurtlaryndan bolan wekiliýetler hasaba alynýar. Tapgyrlaryň ikinjisinde bolsa bolsa GDA girmeýän ýurtlardan bolan we Oýunlara gatnaşmak üçin ýörite çakylyk ýollanan türgenleri bellige almak işi amala aşyrylar. Şunlukda, dünýäniň 23 ýurdundan 5500 çemesi gatnaşyjynyň Azerbaýjana gelmegine garaşylýar.

GDA ýurtlarynyň III oýunlary 2025-nji ýylyň 28-nji sentýabry — 8-nji oktýabry aralygynda Azerbaýjanyň 7 şäherinde — Genjede, Ýowlahda, Mingeçewirde, Gabalada, Şekide, Gýoýgýolda hem-de Hankendide geçiriler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo