29-njy aprel: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

29 Aprel, 2026

1429-njy ýyl. Žanna d'Arkyň baştutanlygyndaky fransuz goşuny Orleany iňlis gabawyndan azat etdi.

1770-nji ýyl. Britaniýaly deňiz syýahatçysy Jeýms Kuk Awstraliýanyň kenaryna (Botani-Beý aýlagyna) düşdi.

1882-nji ýyl. Berlinde dünýäde ilkinji trolleýbusuň (Elektrische Oberleitungsbahn) tanyşdyrylyşy geçirildi.

1884-nji ýyl. Oksford uniwersiteti talyp gyzlaryň we zenanlaryň synaglara gatnaşmagyna rugsat bermäge razylygyny yglan etdi.

1897-nji ýyl. Fizika boýunça alym Jozef Tomson elektronyň açylandygyny mälim etdi.

1913-nji ýyl. Inžener Alfred Golf syrma üçin patent aldy.

1949-njy ýyl. Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Gerkez geňeşliginde Türkmenistanyň halk artisti Nurberdi Allaberdiýew dünýä indi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info