29-njy mart: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

4 sagat öň

1795-nji ýyl. Meşhur nemes kompozitory Lýudwig wan Bethowen Wenada ilkinji konsertini berdi.

1867-nji ýyl. Kanada esaslandyryldy: Angliýada Kanada Konfederasiýasynyň esasyny goýan Demirgazyk Amerika resminamasy kabul edildi.

1873-nji ýyl. Lew Tolstoý «Anna Karenina» romanynyň üstünde işläp başlady.

1886-njy ýyl. Polkownik Jon Pemberton «Coca-Cola» içgisiniň düzümini, ýagny reseptini döretdi.

1886-njy ýyl. Belli küştçi Wilgelm Steýnis polşaly bäsdeşi Iogann Sukertorty ýeňip, resmi taýdan küşt boýunça ilkinji dünýä çempiony boldy.

1940-njy ýyl. Angliýanyň banky galplaşdyrylmakdan ýokary derejede goralan ilkinji kagyz pullary çykardy. Bu pullaryň kagyz böleginiň içinde inçe metal sapajyk ýerleşdirildi.

1991-nji ýyl. Asly Mali döwletinden bolan fransuz futbolçysy, dünýä çempiony (2018) N’Golo Kante doguldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info