Şu günki «Türkmenistan» gazetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň hem-de Arkadag şäheriniň häkimliginiň ýolagçylar üçin bildirişi çap edildi.
Bildirişde şäheriň Akhan şaýolunyň köprüsiniň ýanyndaky Aşgabat — Gökdepe aralygyndaky durky täzelenen degişli ýol böleginiň 29-njy sentýabrda ulanmaga berilýändigi mälim edilýär.
Şeýle-de şol gün Akhan şaýolundaky köprüden Garry Kulyýew köçesi aralygyndaky ýolda döwrebap gurluşyk-gurnama işleriniň geçirilýändigi sebäpli, bu ýolda gatnawlaryň çäklendirilýändigi habar berilýär.
Ýeri gelende bellesek, Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ýollaryň durkuny täzeläp, raýatlara we ýolagçylara amatly şertleri döretmek maksady bilen, olar yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Raýatlaryň bähbidine gönükdirilen bejeriş-abatlaýyş işleriniň geçirilmegi we ýollaryň durkunyň düýpli abadanlaşdyrylmagy ýolagçylar üçin ählitaraplaýyn amatlyklary üpjün eder.

