3-nji aprel: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

3 sagat öň

1502-nji ýyl. Hristofor Kolumbyň dördünji ekspedisiýasy başlandy.

1783-nji ýyl. Nýu-Ýork şäherinde ýaşaýan baý söwdagäriň maşgalasynda meşhur amerikan ýazyjysy Waşington Irwing dünýä inýär. Häzirki wagtda bu ýazyjy «amerikan edebiýatynyň atasy» hasaplanýar.

1829-njy ýyl. Angliýaly Jeýms Karrington kofe dänelerini üwemek üçin niýetlenen enjama patent aldy. Şonuň üçin hem, bu gün kofe üweýjiniň doglan güni hasaplanylýar.

1933-nji ýyl. Herson şäherinde sowet lukmany Ýuriý Woronoý tarapyndan dünýäde ilkinji gezek adama böwrek göçürmek, ýagny transplantasiýa operasiýasy geçirildi.

1955-nji ýyl. Parižde «L'Équipe» žurnalynyň başlangyjy bilen sekiz ýurduň futbol klublary üçin Ýewropanyň Çempionlar kubogyny, ýagny häzirki UEFA Çempionlar ligasyny esaslandyrmak barada ylalaşyk gazanyldy. Ýewropanyň iň abraýly klublaýyn futbol ýaryşy 1992-nji ýyldaky özgertmeden soň UEFA Çempionlar ligasy diýlip atlandyryldy.

1967-nji ýyl. Leonid Gaýdaýyň «Kawkaz ýesiri ýa-da Şuriginiň täze başdangeçirmeleri» atly meşhur komediýasy SSSR-iň ekranlaryna çykdy.

1973-nji ýyl. «IBM» kompaniýasy «UPC» ştrih-koduny tanyşdyrdy. Şol sebäpden hem, bu gün ştrih-koduň doglan güni hökmünde ykrar edildi.

1976-njy ýyl. Parižde ilkinji gezek Fransiýanyň «Sezar» milli kino baýragy gowşuryldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info