3-nji fewral: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

3 Fewral, 2026

1451-nji ýyl. Fatih Mehmet II ikinji gezek Osmanly imperiýasynyň soltany boldy.

1637-nji ýyl. Niderlandlarda ýurduň taryhyna «тюльпаномания» diýen at bilen giren çigildem söwdasynyň aljyraňňylygy başlandy. Şol döwürde bu ösümligiň soganlyklaryny satýanlaryň sany müşderileriň sanyndan has artyk boldy. Bu ýagdaý biržanyň dowla düşmegine sebäp boldy — bary-ýogy bir gijäniň dowamynda müňlerçe niderlandly maddy taýdan weýran boldy.

1924-nji ýyl. ABŞ-nyň 1913 — 1921-nji ýyllardaky 28-nji prezidenti Tomas Wilson aradan çykdy. Ol Wersal parahatçylyk şertnamasyna goşan goşandy üçin Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi boldy.

1960-njy ýyl. Germaniýaly meşhur futbol tälimçisi Ýoahim Lýow dünýä indi. Ol futbolçy hökmünde çykyş eden ýyllarynda hem janköýerleriň söýgüsini gazanmagy başarypdy.

1960-njy ýyl. Režissýor Federiko Fellininiň «Süýji durmuş» filminiň premýerasy boldy. Filmde baş rollary Marçello Mastroýanni, Anuk Eme we Anita Ekberg ýerine ýetirdiler.

1966-njy ýyl. «Luna-9» kosmos bekedi Aýyň ýüzüne ilkinji ýumşak gonuşy amala aşyrdy we onuň panoramalaýyn şekilini ýere iberdi.

1982-nji ýyl. Ukrainaly meşhur aýdymçy, aktrisa, teleýaýlym alypbaryjysy, «WIA Gra» toparynyň ozalky solisti Wera Brežnewa doguldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info