3-nji iýun: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

3 Iýun, 2026

Şu gün dünýäde, şol sanda eziz Diýarymyz Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenilýär.

1785-nji ýyl. Fransiýaly Fransua Blanşar Londonda howa şaryndan bökmek üçin oýlap tapan paraşýutyny tanyşdyrdy. Ol täze oýlap tapyşyndaky ilkinji synagy 300 metr belentlikde paraşýutly it bilen geçirdi.

1789-njy ýyl. Aleksandr Makkenzi Kanadadaky Makkenzi derýasyny açdy.

1837-nji ýyl. Londonyň golaýynda dünýäde ilkinji päsgelçilikli atly bäsleşikler üçin ippodrom açyldy.

1936-njy ýyl. Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Bedirkent obasynda Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Rejep Allaýarow doguldy.

1950-nji ýyl. Moris Ersogyň ýolbaşçylygyndaky Gimalaý ekspedisiýasy taryhda ilkinji gezek beýikligi 8000 metrden hem geçýän dag depesini boýun egdirdi. Annapurna I belentligine Ersog we Lui Laşenal çykdy.

1954-nji ýyl. Sahara çölünde, takmynan, b.e.öňki 2570-nji ýyllarda ýaşap geçen gadymy müsür faraony Sanhetiň aramgähi tapyldy (takmynan b.e.öňki 2570-nji ýyl).

1967-nji ýyl. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Akguýy obasynda şahyr Ogultäç Oraztaganowa dünýä indi. Häzirki wagtda ol «Watan» gazetiniň bölüm redaktory wezipesinde zähmet çekýär.

1970-nji ýyl. Tejribehana şertlerinde ilkinji emeli gen sintezlendi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info