1638-nji ýyl. Amsterdamda Niderlandlaryň ilkinji hemişelik teatry bolan «Shauburg» açyldy.
1888-nji ýyl. Marwin Stoun kokteýl turbajygy üçin patent aldy. Bu bolsa häzirki zaman içgi turbajyklarynyň döremegine esas boldy.
1959-njy ýyl. Alýaska ABŞ-nyň 49-njy ştaty boldy we ýurduň çägini giňeltdi.
1963-nji ýyl. Sowetleriň dowamly gatnawlar üçin niýetlenen uzak aralyga uçýan «Ил-62» uçary ilkinji uçuşyny amala aşyrdy.
1977-nji ýyl. «Apple» kompaniýasynyň ilkinji kompýuteri öndürildi. Munuň özi şahsy hasaplamalar ulgamynda düýpli öwrülişigiň (rewolýusiýanyň) başlangyjy boldy.