30-njy aprel: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

3 sagat öň

30-njy aprelde Halkara jaz güni bellenilýär. Her ýyl geçirilýän bu sene ilkinji gezek 2012-nji ýylda ÝUNESKO-nyň başlangyjy bilen bellenildi.

1722-nji ýyl. «New England Courant» gazetinde ilkinji gezek bilýard oýny hakynda beýan edildi.

1789-njy ýyl. ABŞ-nyň ilkinji prezidenti Jorj Waşingtonyň kasam kabul ediş dabarasy bolup geçdi.

1967-nji ýyl. Sowet we rus estrada aýdymçysy, aktýor, kompozitor, Russiýa Federasiýasynyň halk artisti Filipp Kirkorow dünýä indi.

1974-nji ýyl. Rus estrada aýdymçysy, sazanda, meşhur aýdymlaryň birnäçesiniň awtory Andreý Gubin doguldy. Onuň asyl familiýasy Klementýewdir.

1992-nji ýyl. Nemes futbolçysy we derwezeçi Mark-Andre ter Ştegen dünýä indi.

2021-nji ýyl. Şahyr hem edebiýatçy alym Kasym Nurbadow aradan çykdy. Ol türkmen halk döredijiligini ylmy taýdan öwrenmekde uly işleri bitirdi. Şeýle hem dürli žanrlarda döreden eserleri bilen edebiýat äleminde özüni ykrar etdirmegi başardy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info