30-njy iýul: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

2 sagat öň

30-njy iýul: Gyzykly maglumatlar

Halkara dostluk güni. Bu sene 2011-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edildi. Bu baýramyň maksady halklaryň, medeniýetleriň we ýurtlaryň arasyndaky dostlugyň parahatçylygy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmakdaky ähmiýetini nygtamakdan ybaratdyr.

1863-nji ýyl. Meşhur amerikan senagatçysy we «Ford Motor Company» korporasiýasynyň esaslandyryjysy Genri Ford dünýä indi. Ol awtomobilleriň köpçülikleýin önümçiliginde konweýer usulyny ilkinji bolup ulanmak we awtomobilleri millionlarça adam üçin elýeterli etmek bilen taryha girdi.

1898-nji ýyl. Amerikan lukmany Jon Harwi Kellog we onuň dogany Uill mekgejöwen ýarmalaryny oýlap tapdylar. Pejiň üstünde tötänleýin ýatdan çykarylan mekgejöwen unundan taýýarlanan hamyr kitirdewük önüme öwrülipdir. Wagtyň geçmegi bilen olar dünýäde iň meşhur ertirlik iýmitine öwrüldi.

1947-nji ýyl. Rowaýata öwrülen amerikan aktýory, meşhur bodibilder, «Mister Olimpiýa» adynyň eýesi we Kaliforniýa ştatynyň 38-nji gubernatory Arnold Şwarsenegger dünýä indi.

1956-njy ýyl. «In God We Trust» («Biz Hudaýa bil baglaýarys») şygary resmi taýdan amerikan dollarlarynyň ýüzünde peýda boldy. Hut şol gün hem prezident Duat Eýzenhauer bu jümläni ABŞ-nyň milli şygary hökmünde tassyklady.

1984-nji ýyl. «NBC» amerikan teleýaýlymynda «Santa-Barbara» serialy görkezilip başlandy. Soňlugy bilen bu serial taryhdaky iň dowamly we meşhur «mylaýym operalaryň» birine öwrülip, bütin dünýäde millionlarça tomaşaçyny özüne çekdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info