30-njy mart: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

2 sagat öň

1847-nji ýyl. Lew Tolstoý gündelik ýazyp başlady we muny ömrüniň ahyryna çenli dowam etdirdi. Ýazyjynyň eserleriniň doly ýygyndysynda onuň gündelikleriniň 13 tomy hödürlenilýär.

1858-nji ýyl. Ujy bozguçly galam patentlendi.

1867-nji ýyl: Waşingtonda Russiýanyň Alýaskany we Aleut adalaryny 7,2 million dollara Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna satmagy hakyndaky şertnama gol çekildi.

1896-njy ýyl. Bu gün adamyň psihikasyny öwrenýän ylmy teoriýa we ruhy meseleleri bejermegiň usuly bolan psihoanaliziň dörän güni hasaplanýar. Çünki Zigmund Freýd şol gün fransuz dilinde çap edilen newrozlaryň etiologiýasy baradaky makalasynda «psihoanaliz» diýen düşünjäni ilkinji gezek ulandy.

1946-njy ýyl. «Oskar» baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy ilkinji gezek radio arkaly ýaýlyma berildi.

1950-nji ýyl. Nýu-Jersi ştatynyň Marreý Hill şäherinde täze oýlanyp tapylan fototranzistor tanyşdyryldy.

1987-nji ýyl. Londonyň auksionynda Wan Gogyň «Günebakarlar» atly suraty 50 million dollara satyldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info