1896-njy ýyl. Nýu-Ýorkda taryhda ilkinji ýol-ulag hadysasy resmi taýdan hasaba alyndy: springfildli Genri Uellsiň awtomobili Iwlin Tomasyň welosipedi bilen çakyşdy. Hadysanyň netijesinde welosipedçiniň aýagy döwüldi.
1900-nji ýyl. Parižde geçirilen Bütindünýä sergisinde daniýaly inžener Waldemar Poulsen özüniň oýlap tapan enjamyny — telegrafony tanyşdyrdy. Bu enjam, aslynda, ses ýazgy etmek üçin niýetlenen magnit lentasydy.
1959-njy ýyl. Angliýanyň Uaýt adasynda howa ýassygyndaky gäminiň ilkinji synagy geçirildi.
1963-nji ýyl. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Mehinli geňeşliginde Türkmenistanyň at gazanan artisti Maksatmyrat Hydyrow doguldy.
1963-nji ýyl. Baş keşpleri Riçard Berton bilen Elizabet Teýlor tarapyndan janlandyrylan «Kleopatra» filminiň premýerasy boldy.
1965-nji ýyl. Moskwa — Stokgolm we Moskwa — Oslo ugurlary boýunça göni demir ýol gatnawy açyldy.
1987-nji ýyl. Şahyr, edebiýatçy Mämmet Seýidow aradan çykdy.