30-njy sentýabrdan Aşgabat — Kazan ugry boýunça uçuşlaryň tertibi üýtgediler

MilliInfo
30-njy sentýabrdan Aşgabat — Kazan ugry boýunça uçuşlaryň tertibi üýtgediler

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçuşlarynyň tertibinde 30-njy sentýabrdan Aşgabat — Kazan hem-de şol ugruň tersina amala aşyrylýan uçuşlaryň sanynyň 7-den 4-e çenli azaldylýandygy görkezilýär.

Aşgabatdan Tatarystan Respublikasynyň paýtagtyna penşenbe we anna günleri amala aşyrylýan uçuşlar, galyberse-de, ýekşenbe gününiň bir uçuşy ýatyrylar. Kazandan türkmen paýtagtyna uzaýan uçuşlar hakynda aýdylanda bolsa penşenbe, anna hem-de duşenbe günleriniň üçuşlary şol seneden soň amala aşyrylmaz.

30-njy sentýabrdan başlanjak bu üýtgeşmeleriň 24-nji oktýabra çenli dowam etjekdigini ýatladýarys. Şu ýylyň 25-nji oktýabryndan giriziljek uçuşlaryň täze tertibinde bu ugurlar boýunça gatnawlaryň sany ýene-de 6-a çenli artdyrylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info