1727-nji ýyl. Iňlis fizigi, matematigi we astronomy hem-de nusgawy fizikany esaslandyryjylaryň biri bolan Isaak Nýuton aradan çykdy.
1889-njy ýyl. Parižde Eýfel diňiniň açylyş dabarasy boldy. Tanymal binagär Gýustaw Eýfel desganyň depesinde Fransiýanyň baýdagyny galdyrdy.
1896-njy ýyl. Amerikaly Uitkomb Leo Jadson egin-eşikler üçin syrmany, ýagny eşikleriň öňüni sydyrgyç zynjyr şekilde syryp ýapýan gurluşy patentledi.
1901-nji ýyl. Ilkinji «Mercedes-Benz» kysymly awtomobil çykaryldy.
1914-nji ýyl. Häzirki Görogly etrabynyň Bedirkent obasynda ýaşaýan daýhan maşgalasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Beki Seýtäkow dünýä indi. Ýazyjynyň «Doganlar» romany we beýleki eserleri dünýäniň birnäçe diline terjime edildi.
1966-njy ýyl. Ozalky SSSR dünýäde Aýyň ilkinji emeli hemrasyna öwrülen «Luna-10» stansiýasyny uçurdy.
1999-njy ýyl. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ekranlarynda meşhur «Matrisa» filmi görkezilip başlandy.