1873-nji ýyl. Görnükli fizik-teoretik, häzirki zaman nazary fizikasynyň esaslandyryjylarynyň biri Albert Eýnşteýn dünýä indi.
1879-njy ýyl. Berlinde Werner fon Simens tarapyndan dünýäde ilkinji synag elektrik demir ýoly tanyşdyryldy. Otly elektrik toguny üçünji relsden alýardy.
1787-nji ýyl. Angliýada dünýäde ilkinji kriket kluby döredildi.
1815-nji ýyl. Niderlandlar Patyşalygynyň döredilýändigi yglan edildi.
1836-njy ýyl. Angliýada suwda gämini herekete getirýän pyrlampaç patentlendi.
2002-nji ýyl. Ýaponiýada we Günorta Koreýada futbol boýunça dünýä çempionaty başlandy. Açylyş duşuşygy Günorta Koreýanyň paýtagty Seulda geçirildi. Onda Fransiýanyň we Senegalyň ýygyndy toparlary duşuşdy. Oýun Afrika wekilçilik edýän ýygyndynyň 1:0 hasabyndaky garaşylmadyk ýeňşi bilen tamamlandy.