Şu gün — Halkara internet güni. Bu senäniň saýlanyp alynmagyna 4.04 senesiniň meşhur «404 ýalňyşlygy», ýagny «error 404» bilen simwoliki meňzeşligi sebäp boldy.
1929-njy ýyl. Nemes inženeri, dünýäniň awtoulag senagatynyň öňbaşçysy hem-de «Mercedes-Benz» kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri bolan Karl Benz dünýäden ötdi.
1932-nji ýyl. Amerikan biohimigi Çarlz Glen King ilkinji gezek limon şiresinden C witaminini, ýagny askorbin turşusyny aldy.
1934-nji ýyl. Beýik Britaniýanyň Ýorkşir graflygyndaky Bredford şäheriniň ýollarynda ilkinji gezek «Pişik gözi» (Cat's eye) diýlip atlandyrylýan şöhle beriji ýol belgisi ulanylyp başlandy.
1967-nji ýyl. Russiýaly teleradio alypbaryjysy, teatr we kino aktýory Dmitriý Nagiýew dünýä indi.
1973-nji ýyl. Nýu-Ýorkda Bütindünýä söwda merkeziniň açylyş dabarasy boldy.
1983-nji ýyl. «Çellenjer» (Challenger) kosmos gämisi ilkinji gezek älem giňişligine uçuryldy.