4-nji fewral: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

4 Fewral, 2026

1755-nji ýyl. Imperator zenanÝelizaweta Petrowna Moskwa uniwersitetini döretmek hakynda permana gol çekdi.

1789-njy ýyl. Jorj Waşington saýlawçylar kollegiýasy tarapyndan biragyzdan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilkinji prezidenti wezipesine saýlandy. Ol ABŞ-nyň taryhynda sesleriň 100 %-ini alan ýeke-täk prezidentdir.

1911-nji ýyl. «Rolls-Royce» kompaniýasy «Joşgun ruhy» diýen at bilen tanalýan heýkeljigini özüniň resmi emblemasy hökmünde tassyklady.

1935-nji ýyl. Moskwa metropoliteniniň ilkinji synag otlusy işe girizildi.

1941-nji ýyl. Roý Plankett teflon üçin patent aldy.

2004-nji ýyl. «Facebook» sosial ulgamy işe girizildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info