1631-nji ýyl. Parižde dünýäde ilkinji işe ýerleşdiriş agentligi — «salgylar býurosy» açyldy.
1776-njy ýyl. ABŞ-nyň Garaşsyzlyk jarnamasy kabul edildi.
1892-nji ýyl. Samoa döwletinde üýtgeşik waka bolup geçdi: bu ýerde yzly-yzyna iki gezek 4-nji iýul güni boldy. Patyşanyň karary bilen, ABŞ bilen söwda gatnaşyklaryny aňsatlaşdyrmak üçin wagt guşagy 24 sagat yza çekildi.
1926-njy ýyl. Futbolyň taryhynda öçmejek yz goýan ýyldyz, Madridiň «Realynyň» rowaýata öwrülen futbolçysy Alfredo Di Stefano dünýä indi. Ol «Altyn top» baýragynyň iki gezek eýesidir.
1960-njy ýyl. Gawaý adalarynyň resmi taýdan ýurda goşulmagynyň hormatyna ABŞ-nyň döwlet baýdagyna 50-nji ýyldyz peýda boldy.
2004-nji ýyl. Gresiýanyň milli ýygyndysy finalda Portugaliýany ýeňip, taryhda ilkinji gezek futbol boýunça Ýewropanyň çempiony boldy.
