4-nji mart: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

1 sagat öň

1789-njy ýyl. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň konstitusiýasy resmi taýdan güýje girdi. Şol gün Nýu-Ýork şäherinde ABŞ-nyň ilkinji kongresi öz işine başlady.

1813-nji ýyl. Taryhda ilkinji gezek resmi kabul edişlikde myhmanlara doňdurma hödürlendi.

1852-nji ýyl. Beýik rus ýazyjysy Nikolaý Wasilýewiç Gogol aradan çykdy. Onuň galamyndan çykan eserleriň ählisi ýokary çeperçilik derejesi we özboluşlylygy bilen dünýä edebiýatynda möhüm orun eýeleýär.

1877-nji ýyl. Amerikan oýlap tapyjysy Emil Berliner mikrofony döretdi.

1951-nji ýyl. Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde taryhda ilkinji tomusky Aziýa oýunlaryna badalga berildi.

1955-nji ýyl. Şol döwürde Ýaponiýanyň uly bolmadyk kärhanasy hasaplanan «Sony» radiotolkun bilen işleýän tranzistorly jübi ses aragatnaşyk enjamyny öndürip başlady.

1975-nji ýyl. Meşhur aktýor we režissýor Çarli Çaplin Beýik Britaniýanyň rysar (рыцар) derejesine mynasyp boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info