4-nji maý: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

3 sagat öň

1715-nji ýyl. Parižde ilkinji eplenýän saýawan öndürildi.

1783-nji ýyl. Iňlis astronomy Uilýam Gerşel Aýda gyzyl ýalpyldynyň bardygyny ilkinji gezek gördi.

1896-nji ýyl. Londonda «Daily Mail» gazetiniň ilkinji sany okyjylara ýetirildi.

1904-nji ýyl. Panama kanalynyň gurluşygy başlandy.

1904-nji ýyl. Genri Roýs we Çarlz Rolls Angliýada «Rolls-Roýs» atly awtomobilleri öndürip başladylar.

1944-nji ýyl. Ajaýyp eserleri bilen okyjylaryň ýüreginde ebedi orun alan türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanow Beýik Watançylyk urşunyň frontunda gahrymanlarça wepat boldy.

1979-nji ýyl. Margaret Tetçer («demir zenan») Beýik Britaniýanyň taryhynda ilkinji zenan premýer-ministr boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info