Türkiýäniň Antalýa şäherinde tamamlanan galtaşykly jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda türkmen türgenleri dürli derejeli medallaryň 42-sini eýelediler. Halkara jiu-jitsu federasiýasynyň (JJIF) howandarlygynda geçirilen bu ýaryşlara 16 ýurtdan 245 türgen gatnaşdy.
Ýaryşyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň jiu-jitsu ussatlary 14 altyn, 11 kümüş we 17 bürünç medal gazanyp, umumy medal sanawynda birinji orny eýelediler. Ikinji orna Wýetnamyň ýygyndy topary (14 altyn, 3 kümüş we 2 bürünç medal) mynasyp boldy, üçünji ýeri bolsa Gazagystanyň topary (10 altyn, 13 kümüş we 16 bürünç sylag) eýeledi.
Türkmen türgenleriniň köpugurly we ajaýyp fiziki taýýarlygyny aýratyn bellemek gerek. Olaryň birnäçesi bir wagtyň özünde ençeme ugur we ýaş derejeleri boýunça üstünlikli çykyş etdiler.
Bu uly ýeňiş Watanymyzyň halkara sport arenasyndaky abraýyny has-da pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýany bolup dabaralandy.
Jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatlary (JJIF) 1994-nji ýyldan bäri her iki ýyldan bir gezek geçirilýär we olar dürli ugurlara baglylykda, birnäçe tapgyrda ýaýbaňlandyrylýar. «Galtaşykly jiu-jitsu» ugry ýaryşlaryň maksatnamasyna 2017-nji ýylda girizildi.