1492-nji ýyl. Kristofer Kolumb Gaiti adasyna baryp ýetdi.
1803-nji ýyl. Beýik rus şahyry Fýodor Týutçew dünýä indi.
1848-nji ýyl. ABŞ-nyň Prezidenti Jeýms Polk Kaliforniýada altynyň tapylandygyny tassyklady, bu bolsa ýurtda 1849-njy ýylda «altyn keseliniň» döremegine sebäp boldy.
1854-nji ýyl. Amerikaly Aaron Allen söýenilýän teatr oturgyçlaryny patentledi.
1879-njy ýyl. Awtomatiki telefon aragatnaşygy ilkinji gezek patentlendi, şol wagta çenli gepleşikler diňe telefon operatorynyň kömegi bilen geçirilýärdi.
1952-nji ýyl. Beýik Britaniýada dörän elhenç duman müňlerçe londonlynyň aradan çykmagyna sebäp boldy.