1792-nji ýyl. Jorj Waşington ABŞ-nyň taryhynda ilkinji gezek prezidentlik wetosyny, ýagny gadaganlyk hukugyny ulandy. Munuň özi Kongresiň iki palatasyndan geçen federal kanunyň prezident tarapyndan makullanmazlygydyr.
1913-nji ýyl. Nils Bor kwant nazaryýetiniň biýadyny goýan «Atomlaryň we molekulalaryň gurluşy barada» atly makalasyny tamamlady.
1943-nji ýyl. Braziliýanyň kenar ýakasynda balykçylar salyň üstünde rekord derejede — 133 günläp ummanda galan iňlis deňizçisi Pun Limi tapdylar.
1952-nji ýyl. Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Ýaňyýap obasynda il sylagyna eýe bolan Ýolly Sähet mugallymyň maşgalasynda zehinli şahyr hem ýazyjy Gazakbaý Ýollyýew dünýä indi.
1976-njy ýyl: Italýan futbolçysy we tälimçisi Simone Indzagi dünýä indi.
1977-nji ýyl: «Wolga» awtomobil zawodynyň konweýerinden ilkinji «Niwa» «WAZ-2121» awtoulagy çykdy. Şol sebäpden hem bu gün «Niwanyň» doglan güni hasaplanylýar.
1993-nji ýyl: Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň karary bilen «Lukoýl» nebit kompaniýasy esaslandyryldy.