1868-nji ýyl. Angliýada ilkinji stepler patentlendi. Kagyzlary birikdirmek üçin niýetlenen gural soňlugy bilen ofis işiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
1943-nji ýyl. Britaniýanyň «Gloster Meteor» atly sesden tiz uçýan uçary ilkinji uçuşyny amala aşyrdy.
1949-njy ýyl. Fransiýanyň Rube sebitinde dünýäniň iň baý adamlarynyň biri hasaplanýan, «Louis Vuitton Moët Hennessy» kompaniýalar toparynyň prezidenti Bernar Arno dünýä indi.
1979-njy ýyl. «Woýajer-1» kosmos gämisi Ýupiter planetasyna baryp ýetdi.
1989-njy ýyl. «Çip we Deýl kömege howlugýar» multserialynyň ilkinji görkezilişi guraldy.
1993-nji ýyl. Iňlis futbolçysy, «Mançester Ýunaýtediň» hem-de Angliýanyň ýygyndy toparynyň merkezi goragçysy Garri Maguaýr dünýä indi.
Her ýylyň 5-nji martynda Energiýa netijeliliginiň Bütindünýä güni bellenip geçilýär.