5-nji maý: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

5 Maý, 2026

Bu gün dünýäde Maýyplaryň hukuklary ugrundaky halkara göreş güni bellenilýär.

1821-nji ýyl. Sagat 17:49-da 51 ýaşly beýik serkerde Napoleon Bonapart aradan çykdy.

1908-nji ýyl. Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Babadaýhan obasynda Türkmenistanyň halk artisti Bazar Amanow doguldy.

1912-nji ýyl. «Prawda» gazeti neşir edilip başlandy. Sankt-Peterburgda gazetiň ilkinji sany çapdan çykdy.

1916-njy ýyl. Aşgabadyň etegindäki Bagyr obasynda Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Weli Muhadow dünýä indi.

1921-nji ýyl. Parižde ilkinji gezek «Chanel No. 5» atyrlary tanyşdyryldy. Rowaýaty yslary Koko Şaneliň özi köpçülige hödürledi.

1922-nji ýyl. Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Alaşa Çäçdepe obasynyň Hojalyk diýen ýerinde Türkmensitanyň halk artisti, türkmeniň saz sungaty äleminde öçmejek yz goýan meşhur sazanda Han Akyýew doguldy.

 1956-njy ýyl. Tokioda dzýudo boýunça ilkinji dünýä çempionaty başlandy.

1988-nji ýyl. Ilkinji gezek Ewerest gerşinden göni telegoýberiliş amala aşyryldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info