«Arkadag» — «Al-Nassr» duşuşygyna 500 meýletinçi ýardam berer

MilliInfo

16 Ýanwar, 2026

11-nji fewralda Aziýanyň Futbol konfederasiýasy (AFK) tarapyndan geçirilýän AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň çäginde Aşgabat şäherindäki «Olimpiýa» stadionynda ýurdumyzyň «Arkadag» futbol topary bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nassr» kluby duşuşar.

Häzirki wagtda duşuşygy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, daşary ýurtly myhmanlar, wekiliýetler, eminler, türgenler hem-de tomaşaçylar üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, giň möçberli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu ugurda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplaryndan 500 meýletinçi saýlanyp alyndy.

Şeýle-de daşary ýurtly myhmanlar we futbol toparlary bilen işleşmek üçin dünýä dillerini kämil bilýän 15 meýletinçiden ybarat ýörite topar, şeýle hem media hyzmatlaryna ýardam berjek sport žurnalistikasy hünäriniň 15 talybyndan düzülen meýletinçi media topary döredildi. Umumy meýletinçilik işlerine ýokary okuw mekdebiň 50 mugallymy jogapkär bellendi.

Meýletinçileri taýýarlamak boýunça ýörite okuw sapaklary 2026-njy ýylyň 13 — 22-nji ýanwary aralygynda geçiriler. Okuwlaryň dowamynda ýaşlara meýletinçileriň sport ýaryşlaryndaky orny, etiketi, tomaşaçylar bilen netijeli aragatnaşyk, hyzmat medeniýeti, howpsuzlyk düzgünleri, adatdan daşary ýagdaýlarda hereket etmek hem-de halkara sport protokoly boýunça giňişleýin maglumatlar öwrediler.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen bilelikde AFK-2 Çempionlar ligasynyň duşuşygyny ýokary derejesinde geçirmek boýunça ýokary derejedäki guramaçylyk işlerini alyp barýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info