1896-njy ýyl. Ilkinji häzirki zaman Olimpiýa oýunlary badalga aldy. Gresiýanyň Afiny şäherinde korol Georg I tarapyndan açylan ilkinji häzirki zaman Olimpiýa oýunlary başlandy.
1899-njy ýyl. Moskwada ilkinji elektrik tramwaýynyň işi ýola goýuldy. Ol 14 minutlyk arakesme bilen gatnady.
1909-njy ýyl. Robert Piri we onuň ýanyndaky egindeşleri taryhda ilkinji bolup Demirgazyk polýusyna baryp ýetdiler.
1938-nji ýyl. Alym-himik Roý Plankett politetraftoretileni, ýagny teflony oýlap tapdy.
1985-nji ýyl: Amerikaly Uilýam Şrýoder dünýäde emeli ýürek bilen hassahanadan öýüne goýberilen ilkinji ynsan hökmünde bellige alyndy.
2025-nji ýyl. Meşhur rus hokkeýçisi Aleksandr Oweçkin NHL-de, ýagny Milli hokkeý ligasynda 895-nji şaýbasyny geçirdi we liganyň regulýar möwsümlerinde iň köp şaýba geçiren boldy. Ol Waýne Gretskiniň rekordyny täzeledi.