6-njy iýul: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

20 sagat öň

6-njy iýul: Gyzykly maglumatlar

1785-nji ýyl. Dollar ABŞ-nyň milli pul birligi diýlip kabul edildi.

1863-nji ýyl. Fransiýanyň iň uly banky bolan «Crédit Lyonnais» esaslandyryldy.

1885-nji ýyl. Dünýäde ilkinji gezek adama guduza garşy sanjym (waksina) edildi. Fransuz alymy Lui Paster ony guduzlan it dişlän 9 ýaşly oglanjykda — Jozef Meýsterde şowly synagdan geçirdi.

1926-njy ýyl. SSSR-de ilkinji elektrikleşdirilen demir ýol ugry (Baku–Sabunçi) açyldy.

1928-nji ýyl. Nýu-Ýorkda dünýäde ilkinji gezek doly sesli kinoseans geçirildi.

1945-nji ýyl. Nikaragua dünýäde ilkinji BMG-niň Tertipnamasyny (Hartiýasyny) tassyklan ýurt hökmünde bellige alyndy.

1987-nji ýyl. Baş keşpde Weronika Kastronyň oýnamagynda düşürilen «Ýabany bägül» (Дикая роза) serialynyň premýerasy boldy. Russiýada bu serial 1994-nji ýylyň 31-nji maýyndan 1995-nji ýylyň 20-nji apreline çenli «Ostankino» 1-nji kanalynda we «ORT-da» görkezildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info