6-njy mart: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

2 sagat öň

1475-nji ýyl. Italiýanyň Florensiýa şäheriniň günorta-gündogarynda ýerleşýän Kapreze şäherçesinde Renesans döwrüniň görnükli heýkeltaraşy, beýik nakgaş, arhitektor we şahyr Mikelanjelo Buonarroti dünýä indi.

1521-nji ýyl. Fernan Magellan bütin Ýer togalagyna syýahatynyň çäginde Guam adasyny açdy.

1790-njy ýyl. Waşingtonly diş lukmany Jon Grinwud dünýäde ilkinji stomatologik bory, has takygy diş gyryjy enjamy oýlap tapdy.

1902-nji ýyl. «Real Madrid» futbol kluby esaslandyryldy. Topar doganlar Padroslar we Hulian Palasios tarapyndan döredildi.

1899-njy ýyl. Nemes himigi Feliks Hoffman »Aspirin» derman serişdesini resmi taýdan patentledi.

1927-nji ýyl. Kolumbiýanyň Arakataka şäherçesinde belli ýazyjy, edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi (1982) Gabriel Garsia dünýä indi.

1929-njy ýyl. Abhaziýanyň Suhumi şäherinde dünýä edebiýatynyň taryhyna ebedi giren ýazyjy Fazil Iskender dünýä indi.

1958-nji ýyl. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda Türkmenistanyň halk artisti Orazmyrat Annanepesow doguldy. Ol nusgawy we häzirki zaman şahyrlaryň goşgularyna esaslanýan onlarça özboluşly sazlarydyr aýdymlary, şol sanda kompozitor J.Gurbangylyjow bilen bilelikde «Dabaraly mukam» atly ýadygärlik eserini döretdi. Sazanda halk sazlarynyň 50-den gowrak teswirini amala aşyrdy we ýurdumyzda Ahal dutarçylyk ugry boýunça ilkinji kandidatlyk dissertasiýasyny gorady.

1985-nji ýyl. Amerikan boksçusy Maýk Taýson Gektor Mersedesi nokauta ugradyp, özüniň professional karýerasyna başlady.

1993-nji ýyl. Ýurdumyzda «Esger» gazeti çykyp başlady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info