6-njy maý: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

10 sagat öň

1833-nji ýyl — ABŞ-da ilkinji ýer sürmek üçin niýetlenen polat azal öndürildi.

1889-njy ýyl. Parižde Bütindünýä sergisiniň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Eýfel diňi bu serginiň esasy simwolyna öwrüldi.

1861-nji ýyl. Arkanzas Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan bölünen 9-njy ştat hökmünde bellige alyndy.

1872-nji ýyl. Futbol boýunça Angliýanyň Kubogy döredildi. Ol häzir dünýäniň futbol janköýerlerinde diýseň uly gyzyklanma döredýän futbol ýaryşyna öwrüldi.

1919-njy ýyl. Dünýäniň çagalar edebiýatynda öçmejek yz goýan amerikan ýazyjysy Lyman Frenk Baum aradan çykdy.

1953-nji ýyl. Filadelfiýaly hirurg Jon Gibbon taryhda ilkinji gezek operasiýa wagtynda «emeli ýürek-öýken» apparatyny üstünlikli ulandy.

1983-nji ýyl. Braziliýaly futbolçy Dani Alwes doguldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info