Şu gün 6-njy oktýabr — Hatyra güni. Şunlukda, eziz Diýarymyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, Watan ugrunda söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hatyralanýar. Olary ýatlap, sadakalar berilýär, aýat-töwirler okalýar. Paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda gül goýmak çäresi geçirilýär.
Döwürleriň hem nesilleriň arasyndaky synmaz bitewülige öwrülen bu ýörelgeler milletimiziň beýikliginden habar berýär. Her işde geçmişi, şu güni we geljegi birleşdirýän maksatlaryň bir mazmunda jemlenmegi döwletimiziň asuda hem parahat durmuşyna, halkyň abadan ýaşaýşyna ýagty ertirlerine bolan ynamy has-da berkidýär.
Hatyra gününde berýän sadakalaryňyz, edýän doga-dilegleriňiz kabul bolsun, mähriban ildeşler!
