6-njy oktýabr — Hatyra güni

MilliInfo

6 Oktýabr, 2025

1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda türkmen halkynyň başyndan inen pajygaly tebigy hadysa watandaşlarymyzyň müňlerçesiniň ömür tanapyny kesdi. Aşgabadyň üstünden inen şol hasratly gijäni sag-aman geçirip, aýatda diri galanlar taryhda halkymyzyň kyn günleri başdan geçirendiginiň janly şaýadydyr. Şol aýylganç gijäni ýatlamak kyn, ýatlamazlyk bolsa asla mümkin däl.

Bu gün bolsa halkymyz ýertitremede wepat bolan şehitleri ýatlap, olary hatyralaýar. Watanymyzda şol pajygaly senede şehit bolanlar döwlet derejesinde hatyralanýar. Munuň şeýledigini her ýylyň 6-njy oktýabrynda bellenilip geçilýän Hatyra gününiň mysalynda hem görmek bolýar.

Bu gün 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, Watan ugrunda söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hatyralanýar. Olary ýatlap, sadakalar berilýär, aýat-töwirler okalýar. Paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda gül goýmak çäresi geçirilýär.

Eziz ildeşler, mähriban watandaşlar!

Bu gün öten-geçenleri ýatlap etjek aýat-töwirleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo