11-nji awgustdan raýatlarymyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaklary we syýahat etmekleri üçin zerur şertleri döretmek maksady bilen, Aşgabat – Türkmenbaşy – Aşgabat ugurlary boýunça goşmaça gatnawlar guralýar. Bu barada «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti habar berdi.
Şunlukda, günüň dowamynda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline göni ugurly 6 gatnawyň ýerine ýetiriljekdigi mälim edildi. Aşgabatdan ýola düşýän gatnawlar 06:20-de, 10:40-da, 14:00-da, 18:20-de, 22:05-de we 22:40-da ugraýar.
Türkmenbaşydan yza gaýdýan uçuşlar 00:05-de, 00:40-da, 08:30-da, 12:40-da, 16:00-da hem-de 20:30-da ýola düşýär.
Galyberse-de, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň şypahanalarynda dynç almak isleýän ýolagçylar üçin ýurdymyzyň ähli welaýatlaryndan gatnawlar ýola goýuldy:
Balkanabat – Aşgabat - Balkanabat
Balkanabat – Türkmenabat – Balkanabat
Balkanabat – Daşoguz – Balkanabat
Balkanabat – Mary – Balkanabat
Balkanabat – Kerki – Balkanabat
Bu täzelikler içerki syýahatçylygyň ösmeginde möhüm orny eýeleýär we Türkmenistanyň dürli künjeklerinden bolan ýolagçylar üçin logistikany ýönekeýleşdirýär.

