Kanadada, ABŞ-da we Meksikada geçirilýän dörtýyllygyň futbol baýramynyň 23-nji iýunda Portugaliýa bilen Özbegistan ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygynda dubl eden Kriştianu Ronaldu alty dünýä çempionatynda gol geçiren ýeke-täk futbolçy hökmünde bellige alyndy.
Ronaldu dünýä çempionatlarynda Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň oýunçylarynyň arasynda uran gollarynyň sany boýunça hem Eýsebionyň 9 gollyk rekordyny täzeledi. Häzirki wagtda Kriştianunyň hasabynda 10 gol bar. Gyzykly tarapy, 7-lik belgili köýnekçede çykyş edýän futbolçy şu wagta çenli uran gollarynyň ählisini toparlaýyn tapgyrda derwezeden geçirdi.
Meşhur futbolçy dünýä çempionatlarynda jemi 22 duşuşyk geçirdi.
Kriştianu Ronaldu Lionel Messi bilen birlikde, gatnaşan dünýä çempionatlarynyň sany boýunça (6 çempionat) hem rekordyň eýesidir.
Garaz, Ronaldu bilen Messiniň bäsdeşligi dowam edýär.
