Bu gün — Bütindünýä Saglyk güni. Möhüm sene saglyk meselelerine ünsi çekmek maksady bilen, 1950-nji ýyldan bäri Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň düzgünnamasynyň tassyklanan gününde — her ýylyň 7-nji aprelinde bellenip geçilýär.
1827-nji ýyl. Angliýaly himik Jon Uoker öz oýlap tapan kükürtli otluçöplerini satyp başlady.
1927-nji ýyl. Amerikan alymy Gerbert Aýws uzak aralyga, ýagny Nýu-Jersiden Nýu-Ýorka ilkinji köpçülikleýin telewideniýe ýaýlymyny geçirdi. Ol telewideniýe torlary arkaly şol wagtky söwda ministri, ABŞ-nyň geljekki prezidenti Gerbert Guweriň suratyny (keşbini) ýaýlyma berdi.
1954-nji ýyl. Dünýäde uly meşhurlyk gazanan beýik aktýor Jeki Çan dünýä indi. Şu gün ol 72 ýaşyny doldurýar.
1957-nji ýyl. Nýu-Ýorkuň iň soňky trolleýbusy ahyrky gatnawyny amala aşyrdy.
1964-nji ýyl. «IBM» kompaniýasy rowaýata öwrülen «System/360» ulgamynyň döredilendigini yglan etdi. Bu görnüşdäki meýnfreýmle, ýagny uly göwrümli we kuwwatly kompýuterler uzak wagtlap bazaryň öňdebaryjylygyny sakdylar we dünýäniň köp ýurtlarynyň kompýuter parkynyň özenini düzdiler.
1964-nji ýyl. Täze Zelandiýanyň paýtagty Wellingtonda «Gladiator» filminde ýerine ýetirýän gaýtalanmajak obrazy bilen hemmeleriň söýgüsini gazanan Rassel Krou doguldy.
1969-njy ýyl. «RFC 1» atly resminamanyň çap edilmegi bu günüň Internetiň simwoliki doglan güni hasaplanmagynyň düýp sebäbi boldy.