7-nji ýanwar. Roždestwo (Isa pygamberiň doglan güni) — iň möhüm hristian baýramlarynyň biri.

1610-njy ýyl. Galileo Galileý Ýupiteriň iň uly dört hemrasyny açdy Olaryň atlary Io, Ýewropa, Ganimed we Kallisto.

1785-nji ýyl. Fransiýaly şahsyýet Žan-Pýer Fransua Blanşar amerikaly Jon Jeffris bilen bilelikde howa şarynda ilkinji gezek La-Manş bogazyny kesip geçdi.

1839-njy ýyl. Belli fizik Fransua Arago Pariž ylymlar akademiýasynyň mejlisinde fransuz himigi Lui Dageriň we oýlap tapyjy Žozef Nisefor Nýepsiň dünýäde ilkinji işe ýaramly suratlandyryş (fotografiýa) tehnologiýasy bolan dagerotipiýany oýlap tapandyklary barada ilkinji gezek habar berdi.

1876-njy ýyl. London şäherinde dünýädäki ilkinji emeli buz meýdançasy açyldy.

1964-nji ýyl. Amerikan aktýory, režissýory we prodýuseri Nikolas Keýj doguldy.

1990-njy ýyl. Piza diňi zyýaratçylar üçin ýapyldy. Onuň gyşarma tizliginiň artmagy bu ýere gelýänleriň howpsuzlygy babatda uly alada döretdi.
