7-nji iýul: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

16 sagat öň

7-nji iýul: Gyzykly maglumatlar

1668-nji ýyl. Isak Nýuton ylymlaryň magistri derejesini aldy.

1754-nji ýyl. Nýu-Ýorkda Korollyk kolleji açyldy (häzirki wagtda Kolumbiýa uniwersiteti ady bilen tanalýar).

1881-nji ýyl. Rimdäki «Çagalar žurnalynda» ilkinji gezek «Pinokkio» ertekisi çap edildi.

1891-nji ýyl. «American Express» kompaniýasy häzirki zaman karz kartlarynyň başlangyjy bolan ýol çeklerini patentledi.

1930-njy ýyl. Meşhur şotland we iňlis ýazyjysy Artur Konan Doýl Krouboro şäherindäki öýünde aradan çykdy. Onuň mazar daşyna: «Steel True, Blade Straight» («Polat ýaly sarsmaz, tyg ýaly göni») diýen rysarlyk şygary ýazyldy.

2007-nji ýyl. Lissabon şäherinde geçirilen dabarada dünýäniň täze ýedi täsinligi yglan edildi. Bütindünýä ses berlişiginiň netijesinde Hytaý diwary, Petra (Iordaniýa), Rim Kolizeýi (Italiýa), Çiçen-Isa (Meksika), Maçu-Pikçu (Peru), Täç-Mahal (Hindistan) we Isanyň heýkeli (Braziliýa) bu sanawa girizildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info