321-nji ýyl. Beýik Konstantin ýekşenbe gününi dynç alyş güni diýip yglan etdi.
1876-njy ýyl. Aleksandr Bell telefon üçin patent aldy. Şonuň üçin hem, her ýylyň 7-nji marty telefonyň doglan güni hasaplanylýar.
1912-nji ýyl. Rual Amundsen ilkinji gezek Günorta polýusyna baryp ýeten ynsan bolandygyny yglan etdi.
1960-njy ýyl: SSSR-de 20 adamdan ybarat bolan ilkinji kosmonawtlar topary döredildi.
1959-njy ýyl. Ozalky futbolçy, häzirki wagtda Italiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Luçano Spalletti şu gün 67 ýaşyny doldurýar. Ol Italiýanyň Çertaldo şäherinde dogulýar.
Her ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanda ulag we aragatnaşyk işgärleriniň güni bellenip geçilýär.