1861-nji ýyl. Hindistanyň iň uly şäheri bolan Kalkuttada Rabindranat Tagor dogulýar.
1907-nji ýyl. Türkiýäniň «Fenerbahçe» futbol kluby esaslandyryldy.
1929-njy ýyl. Ahal welaýatynda Türkmenistanyň halk artisti, meşhur gyjakçy Annageldi Jülgäýew dünýä indi.
1940-njy ýyl. Moskwa döwlet uniwersitetine Mihail Lomonosowyň ady dakyldy.
1946-njy ýyl. Tokioda soňlugy bilen «Sony» adyny alan «Tokio susin kogýo» («Tokio aragatnaşyk kompaniýasy») kompaniýasynyň düýbi tutuldy.
2000-nji ýyl. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň ilkinji prezidentlik wezipesine girişmek dabarasy geçirildi.
2003-nji ýyl. Ýeriň ýaşaýjylary bir asyrda bary-ýogy birnäçe gezek bolup geçýän seýrek astronomik hadysany synladylar. Merkuriý Ýer bilen Günüň arasyndan geçdi.