8 ýaşly Alyhan Nurýagdyýew Gazagystanda geçen tennis ýaryşynda iki altyn medal gazandy

MilliInfo

1 Iýun, 2026

25-30-njy maý aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Aktobe şäherinde 10 ýaşa çenli çagalaryň arasynda abraýly tennis ýaryşy — «Aktobe Masters 10 and Under GA Road to Top 8» bäsleşigi geçirildi.

Ýaryşa güýçli türgenleriň 192-si (96 oglan we 96 gyz) gatnaşdy. Bu çempionatda üstünlikli çykyş eden türkmen ýygyndysynyň wekili Alyhan Nurýagdyýew gazanan ajaýyp netijesi bilen Watanymyza şan getirdi. Tälimçiler Ýuriý Rogusskiniň we Meýlis Orazmuhammedowyň şägirdi ýokary ussatlyk görkezip, birbada iki altyn medal eýeledi — ol ýekelikde we jübütleýin görnüşlerde ýeňiji boldy.

Bu üstünlik türkmen tennis mekdebiniň netijeliliginiň aýdyň subutnamasy boldy. Alyhanyň bary-ýogy 8 ýaşyndadygyny we şeýle ýokary derejeli ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýandygyny aýratyn bellemek gerek. Türgen özünden uly garşydaşlaryndan üstün çykmagy başardy we ýurdumyzyň baýrak gaznasyna iki medal getirdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info