1766-njy ýyl. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ilkinji ýangyn merdiwany patentleşdirildi.
1820-nji ýyl. Gresiýanyň Milos adasynda meşhur «Milosly Wenera», başgaça «Wenera Milosskaýa» heýkeli tapyldy.
1853-nji ýyl. Sankt-Peterburgda «Küşt oýnuny söýüjiler jemgyýeti» açyldy — bu Russiýada resmi taýdan bellige alnan ilkinji küşt klubydyr.
1938-nji ýyl. Ganaly diplomat, BMG-niň 7-nji Baş sekretary Kofi Annan doguldy. Ol 2018-nji ýylda aradan çykdy.
1972-nji ýyl: Sowet telewideniýesinde ilkinji gezek meşhur «Göwher el», ýagny «Бриллиантовая рука» komediýasy görkezildi.
1973-nji ýyl. Dünýäniň iň beýik hem zehinli suratkeşleriniň biri bolan Pablo Pikasso 91 ýaşynda aradan çykdy.
1982-nji ýyl. Gazagystanly boksçy, WBA ugry boýunça orta agramda dünýäniň superçempiony Gennadiý Golowkin dünýä indi.
1986-njy ýyl. Russiýaly derwezeçi, 2008-nji ýylyň Ýewropa çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi bolan Igor Akinfeýew doguldy.