8-nji mart — mähriban enelerimize, zenanlarymyza, gelin-gyzlarymyza hormat-sarpanyň nyşany hökmünde bellenilýän Halkara zenanlar güni.
Biz baharyň ilkinji günlerinde bellenilýän bu baýram bilen ähli zenanlary tüýs ýüregimizden gutlaýarys! Goý, ömrümiz, döwrümiz hem dünýämiz enelerimiz ýaly belent ruhly, zenanlarymyz ýaly gözel, gyzlarymyz ýaly päk, hyjuwly hem ajaýyp bolsun!
Ömrümiziň ýakym-ýaraşygy, durmuşymyzyň bezegi bolan mährem eneler, mähriban zenanlar, ojagymyza nur çaýýan gelin-gyzlar!
Siziň her bir günüňiz al-elwan güllerden boglan çemene meňzesin, her bir ädimiňiz bagta, şatlyga tarap uzasyn!
Halkara zenanlar günüňiz gutly bolsun!